Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Yslam dünýäsiniň meselelerine üns bermegi we Yslam ummaty bilen baglanşykly mowzuglara hemmetaraplaýyn garamagy hajylaryň iň ileri tutmaly borçlary we däpleri hasapladylar. Dünýä musulmanlarynyň ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi hezretleri anna güni Hajyň beýik kongresi mynasybetli beren sargydynda musulmanlaryň agzybirligi we Yslam ummatynyň arasynda agzalalyk dörediji düwünleri çözmegi Yslam ummatynyň ileri tutýan iň möhüm borjy hasaplap Haj ,agzybirligiň görnüşe çykarylýan ýeri we doganlygyň we arkalaşygyň ojagydyr diýip beýan etdiler. Haj-da hemmeler meňzeşliklere üns bermegi we agzalalyklary ýok etmegi öwrenmelidirler sebäbi eziji syýasatlaryň ýigrenç elleri öz maksatlaryna ýetmek üçin agzalalyk döretmegi gün tertibinde ýerleşdirendir we bu günki gün Yslam oýanyşlygyň bereketinden musulman milletler emperýalizm we Sionizm toplumynyň duşmanlygyna anyk düşünşendirler we onuň garşysynda pozisiýa eýeländirler diýip Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy aýtdylar. Dünýä musulmanlarynyň ýolbaşçysy sargydynyň dowamynda Palestina meselesine we Sionist režimiň jenaýatlaryna yşarat edip bu režimiň we onuň ýaranlarynyň zalymlykda we ynsanlyk we ahlak kanunlaryny gödek bozmakda hiç bir çäk tanamaýandyklary baradaky hakykat hemmelere mälim bolandyr diýip nygtadylar. Sionist režimiň jenaýatlary we pajyga döretmekleri bu basyp alyjy režimiň baştutanlaryny we onuň ýaranlaryny maksatlaryna ýetirip bilmedi we syýasat oýunçylarynyň Ysraýyl üçin etýän tagallalaryna garamazdan bu režim gün-günden eräp ýok bolup barýar diýip dünýä musulmanlarynyň ýolbaşçysy nygtadylar. Ol hezretleri Yslam pygamberi hezreti Muhammediň Yslamyny,magnawyýetiň perhizkärligiň we il häkimiýetiniň Yslamy hasaplap Amerikaly Yslam emma kesekileriň nökerligine Yslamyň lybasyny geýdirip musulmanlaryň arasynda duşmanlyk we agzalalyk döretmekdir diýip nygtadylar. Musulmanlaryň agzalalyk odyny ölçerýän ylahy wadalara bil baglamany Hudaýyň duşmanlaryna bil baglaýan Sionizme we imperýalizme garşy söweşiň ýerine musulman dogany bilen uruşýan we öz milletiniň ýada beýleki milletleriň tersine eziji Amerika bilen birleşýän Yslam ,Yslam däldir eýsem her bir musulmanyň oňa garşy göreşmegi zerur bolan howply we elhenç nyfakdyr diýip dünýä musulmanlarynyň ýolbaşçysy aýtdylar.