KITAP DÜNÝÄSI

Page 1

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir. Kitapsyz öý ýüreksiz beden ýalydyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär. Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýelýär.

KITAP DÜNÝÄSI GN TIMES ÝÖRITE SAN

18 DEKABR 2017

«TÄZE MENZILLERE ÝETMEK GEREK» Ykdysadyýet, senagat, tehnologiýa, söwda we aragatnaşyk ýaly pudaklaryň jemgyýetiň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin zerurdygyny, onuň ösüşindäki ornuny inkär edip bolmaýar. Emma bu pudaklaryň özgermeginden has zerur zadyň adamzadyň aň-düşünjesiniň kemala gelmegi, aklynyň paýhas bilen ýugrulmagy, ylyma-bilime berk ýapyşmakdygy, kitap okamak endigi gazanmakdygy hem aýdyň zatdyr. Jemgyýet bolup ýaşamak üçin bu mesele örän uly ýer eýeleýär. “Älem içre at gezer” romanynda durmuşdan mysallar birnäçe ýerde görmek bolýar. Kitap okamagyň ähmiýeti, atababalarymyzyň kitaba goýan sarpasyny romanyň birnäçe ýerinde duş gelýär. Anna aga kyn döwürde-de çelpek ýalyjak kitap üçin üzüm hasylyny bermegi, şeýdip bir sandyk kitap ýygnandygy bellenip geçilýär. Bu sandyga “Akyl hazynasy” diýip at goýulýar. (s. 11-13). Bu hem ogly Berdimuhamede goýlup gidilen iň uly miras bolýar. (s. 41-42) Eflatun-aga ýa-da Platon Iwanowiç: “Mende maşgala-da, aýal-da, çaga-da ýok. Meniň maşgalam – meniň ylmy işlerim, kitaplarym, depderlerim,” diýmek bilen, okyja görelde bolýar. Platon Semýonowiç edilmeli işleriň kändigine göz ýetiren soň Berdimuhamediň öňünde maksat goýýar. Ol hem «Şulary okamaly» diýlip bellik edilen kagyz. Ol kagyzda “II–III we X–XVI asyrlarda ýüz ýyla çeken gurakçylyk. Halklaryň göçe-göçlüginiň sebäpleri; Parfiýa döwleti; Göktürkmen döwleti – orta asyrlar; Seljuk «Kanunlar wagtyň geçmegi bilen ölýändir, kitaplar bolsa hiç-haçan ölmeýär» Eduard Jorj Litton «Eger-de seniň alýan zadyň saňa ýaramasa, öz berýän zadyňy üýtgetmäge çalyş.» Karlos Kastaneda

türkmenleriniň beýik imperiýasy; Köneürgenç türkmenleriniň döwletleri; Akgoýunly, garagoýunly türkmenleriň döwletleri; Osman türkmenleriniň soltanlygy; Amul şäheri; Türkmenler Hindistanda,” diýip sanaw berilýär. (59-61) Bu kitaplar türkmen halkynyň medeni ruhy baýlyklaryny gaýtadan dikeltmek üçin zerur bolany üçin, kitabyň gyt döwründe şeýle bellik edip, taryha öz goşandyny goşmagy maksat edinen bolmaly. Bu romanda awtor mugallymyň ýaşlar üçin göreldelik häsiýetlerini filosofiki beýanlar arkaly ussatlyk bilen beýan edýär: “Bilim üznüksiz, dowamly, barha ýokarlygyna, belentlige ösýän bolmaly. Bilim ulgamy zynjyr ýaly biri-birine sepleşip gitmeli. Bir halkanyň üzülen ýerinde, onuň zynjyrlygy galmaýar. Bilimem şonuň ýaly, onuň öňi ýa soňy hakda gürrüň etmek mümkin däl. Çünki ol bütewüligini ýitirýär, peýdasyz bolup galýar. Berdimuhamet kursda taýýarlyk geçýän wagty okan, öwrenen zatlaryny ýatlady. Dünýädäki ösen ylym, tehnikada ýetilen sepgitler... Biz bolsak, okamany, ýazmany öwrendik diýip begenýäris. Elbetde, muňa-da begenmeli. Bu – başlangyç. Ýöne soňra... Ine, şu furgondan düşäýsem, ol öňe gider, men bolsa düşen ýerimde galaryn. Dünýäniň ösüşem şeýle bolmaly. Biz dünýäden düşüp, gapyl galypdyrys, ol bolsa öňe, gaty öňe gidipdir. Biz şol öňe gidişlikden kän menzil yza galypdyrys... Bize, gör, näçe köp işler etmek, täze menzillere ýetmek gerek!” (s. 127)

«Öňki wagtlar ýazyjylar kitap «Käbir adamlar kitabyň göwrümine ýazardy, okyjylar hem okardy. Häzir seredip alýarlar, men öňem aýtdym kitaby okyjylar ýazýa, okaýan bolsa olar eliň üçin maşk däl, kelläň üçin...» adam ýok» Grasian-i-Morales Oskar Waýld «Kimler öz ýazan kitaplary barada öwünýärler. Men bolsa okan kitaplarym hakynda öwünýän.» Horhe Luis Borhes

«Azatlyk- bu iki ikiňi dört diýip bilmek mümkinçiligidir.» Jorj Oruel

«Ertekiler hakykatdan hem uly zatdyr. Aždarha hakynda edilýän gürrüň üçin däl, çagalara berýän öwüti üçin, ol öwüt hem şol aždarhalary öldürip bolýandygydyr.» Gilbert Kit Çesterton


Turn static files into dynamic content formats.

Create a flipbook
Issuu converts static files into: digital portfolios, online yearbooks, online catalogs, digital photo albums and more. Sign up and create your flipbook.
KITAP DÜNÝÄSI by Merdan Jaya - Issuu