"Ylhamly ýaşlar" 03/07/2017

Page 1

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ýaşlar guramasynyň wezipesi syýasy taýdan sowatly, raýat garaýşy bolan, öz jogapkärçiligini duýýan ýaş raýatlary, täzeçe pikirlenýän, ýaramaz endikleri bolmadyk, diňe öz bähbitlerini aramaýan, durmuşa diňe sarp ediji hökmünde garamaýan, zähmetsöýer we geljege uly ynamy bolan, beden we ruhy taýdan sagdyn, hakyky watançylary terbiýelemekdir.

www.gn.edu.tm

Sene: 03.07.2017

ILKINJI ÝAŞLAR GURAMASY AÇYLDY Berkarar döwletimiziň Bagtýarlyk döwründe atawatanymyzyň her bir güni toýdyr baýramlara, zähmet üstinliklere beslenýär. Häzirki wagtda Milli Lidermiziň başda durmagynda Türkmenistan diýarymyzyň ähli ulgamlarynda ägirt uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň nebit-gaz ulgamynda, oba-hojalygynda, lukmançylykda, senagatda, ylaýta-da ylym we bilim ulgamlarynda gysga wagtyň dowamynda asyrlara barabar işler ýerine ýetirilýär. Güneşli ülkämiziň ähli künjeklerinde ylym we bilim ulgamyna degişli binalaryň sany gün saýyn artýar, olar diňe bir gurlup ulanylmaga berilmän, eýsem dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ak mermere bürelen mekdepdir, ýokary okuw mekdepleri, ylmy barlag institutlary mysal alsak bolar. Bulardan başga-da, raýatlarymyzyň, hususan-da ýaşlaryň işden, okuwdan boş wagtlary özüniň höwes bildirýän daşary ýurt dillerini, kompýuter programmalaryny, dürli dersleri çuň öwrenmeklik üçin niýetlenen okuw merkezleri bar. Paýtdagtymyzda kompýuter, matematika we dürli diller boýunça bilim berýän “Gujurly Nesil” atly okuw merkezi hem şolaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Gujurly Nesil merkezinde Ilkinji Ýaşlar guramasynyň açyldy. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda iň söýgüli gurama bolmak bilen, ol päk ahlakly, watany söýüji ýaşlary ýetişdirmek babatynda uly işler alyp barýar. Okuw merkeziniň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramaçylygynda, okuw merkeziniň diňleýjileriniň peýdaly we gyzykly wagt geçirmegine gönükdirilen çäreler tapgyrlaýyn geçirilip durýar. Okuwçylar bilen dürli muzeýlere, taryhy ýadygärliklere, çagalar dynç alyş merkezlerine gidilýär, sport çäreleri gurnalýar we birnäçe gurnak hereket edýär. Ylmy-amaly maslahatlardyr, duşuşyklar hem ýygy-ýygydan gurnalýar. Ýene bir nygtap geçilmeli zatlaryň biri hem,

“Gujurly Nesil” okuw merkezine her möwsümde gatnaýan ýaşlaryň sany artýar. Bu bolsa biziň ýaşlarymyzyň bilim almaga höwesli, gujurly ýaşlaryň ýetişýändigini aňladýar. Bu ýagdaý öz gezeginde okuw merkeziniň mugallymlaryny we işgärlerini diýseň buýsandyrýar. Okuw merkeziniň ýolbaşçylary, mugallymlary we diňleýjileri Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar üçin döredýän mümkinçilikleri üçin öz alkyş sözlerini aýdýarlar. 2017-njy ýylyň mart aýynyň 23-ne "Gujurly Nesil" okuw merkezinde direktoryň orunbasary M. Durdyýewiň başlylyk etmeginde Ilkinji Ýaşlar guramasyny açmak barada ýygnak geçirildi. Ýygnaga okuw merkeziniň 21 işgäri we TMÝG-nyň Aşgabat şäher geňeşiniň 2 wekili gatnaşdy. Ýygnaga M. Aşyrow kätiplik etdi. Ýygnagyň netijesinde "Gujurly Nesil" Ilkinji Ýaşlar guramasyny açylmagyna we başlygy hökmünde M. Ataýewi saýlamaklyk baradaky teklip bir agyzdan kabul edildi.

Agzalaryň şahadatnamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy 2017-nji ýylyň aprel aýynyň 22-ne "Gujurly Nesil" okuw merkeziniň ýaşlary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. "Bagtyýarlyga buýsanýan ýaşlar " şygar bilen geçirilen duşuşykda TMÝG-nyň Aşgabat şäher Geňeşiniň wekilleri P. Poladow we B. Saparow ülkämizde alnyp barylýan oňyn içeri we daşary syýasat barada giňişleýin maglumat berdiler. Ýygnagyň dowamynda agzalyga kabul edilen ýaşlaryň şahadatnamalary dabara bilen gowşuryldy. Yzýanyndan bolsa ilkinji guramanyň başlygyň orunbasary wezipesine dalaşgärleri saýlamak dabarasy geçirildi. Köpçüligiň ses bermegi esasynda D. Ahatowa bu wezipä saýlandy.


Turn static files into dynamic content formats.

Create a flipbook
Issuu converts static files into: digital portfolios, online yearbooks, online catalogs, digital photo albums and more. Sign up and create your flipbook.